JEMGYÝET

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Türkmenabatda boldy

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky ilçisi jenap Mettýu S. Klimow aýaly hanym Idi Kliomowa bilen bilelikde Türkmenabat şäherinde bolýan wagty Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde boldy.

Ol «jeyhun.news»-iň habarçysyna Türkmenistandaky ilçi bellenilenden soň ilki bilen Lebap welaýatyna gelip görendigini, şonuň üçin hem, bu sebitiň ýüregine ýakyndygyny gürrüň berdi. Şonuň üçin hem, ol bu ýere gelende, ýüreginde hemişe ýakymly duýgular oýanýar. Taryhy ýerlerde, aýratyn hem, Daýahatyn kerwensaraýynda bolmagy gowy görýändigini hem aýtdy.

Şu ýerde, «Medeni mirasy gorap saklamak üçin Ilçiniň gaznasy» atly halkara maksatnamasynyň bu ýadygärlikde alnyp barylýan dikeldiş işlerine maliýe taýdan goldaw berýändigini bellemek gerek. 2001-nji ýylda ABŞ-nyň Kongresi tarapyndan esaslandyrylan bu maksatnama ösüp barýan ýurtlarda medeni ýadygärlikleri we tapyndylary, şeýle-hem halk sungatynyň däp bolan beýleki görnüşlerini gorap saklamagy maliýeleşdirýär. Ol Türkmenistanda jemi 30 sany taryhy we medeni ýadygärlikleri dikeltmek üçin maliýe serişdelerini goýberýär. Bu ähli ýurtlaryň arasynda taryhy we medeni mirasy goldamak üçin maliýe serişdeleri goýberilýän binalaryň iň köp sanlysydyr.

Şonuň ýaly-da, jenap ilçi Türkmenabatdaky Amerikan merkezinde hem boldy we FLEX maksatnamasynyň uçurymlary bilen duşuşdy. Söhbetdeşligiň dowamynda ol uçurymlaryň ABŞ-da okap gelenlerinden soňky durmuşy,  näme bilen meşgul bolýandyklary we geljekki meýilleri bilen gyzyklandy. Şeýle hem, Amerikada tölegsiz bilim almak boýunça bar bolan maksatnamalar barada gürrüň berdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: