JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti indiki ýylda geçiriljek sergileriň, ýarmarkalaryň, maslahatlaryň, festiwallaryň sanawyny tassyklady

 Türkmenistanyň Prezidenti özüniň Karary bilen 2023-­nji ýylda geçirilmegi meýilleşdirilen sergileriň, ýarmarkalaryň, maslahatlaryň, festiwallaryň sanawyny we olary geçirmek boýunça guramaçylyk toparynyň düzümini tassyklady.

Resminamada çäreleriň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeler bilen dünýä jemgyýetçiligini tanyşdyrmak, da­şary ýurtly hyzmatdaşlar bilen köpugurly gatnaşyklary mundan beýläk­de ösdürmek, ylmyň gazananlaryny önümçilige giňden ornaşdyrmak we ykdysadyýetiň pudaklaryna maýa goýumlary çekmek maksady bilen geçiriljekdigi bellenilýär.

Resminama laýyklykda, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan Ministrliklere hem­de pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna degişli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: