YKDYSADYÝET

Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda 270,5 müň tonna golaý mineral dökün öndürildi

Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynyň agzybir işgärleri hem täze ýylyň ilkinji aýyny mineral dökünleri we beýleki harytlyk önümleri öndürmek boýunça işlere işjeň girişdiler.

«Türkmen gündogary» gazetiniň habar berişi ýaly, geçen ýylda bu iri kärhanada fosforly mineral dökünleriň 270,5 müň tonna golaýy öndürildi. Bu öňki ýyl bilen deňeşdirilende ösüş depgininiň ep-esli artandygyny görkezýär. Şonda öndürilen harytlyk önümler jemi 97,9 million manatlyga golaý bolupdy. Şeýle hem kärhanada oba hojalygy üçin zerur önümler öndürilmek bilen birlikde, kärhananyň durkuny täzelemek, täze önümhanalary gurmak boýunça-da utgaşykly işler alnyp barylýar. 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: