JEMGYÝET

«Iň gowy gyzlar gurnagy» atly bäsleşiginiň Türkmenabat şäher tapgyry geçirildi

Lebap welaýat saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynda «Iň gowy gyzlar gurnagy» atly bäsleşiginiň Türkmenabat şäher tapgyry geçirildi. Bäsleşik Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Türkmenistanyň telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde yglan etmeginde geçirildi.

Okuwçy gyzlarda zähmetsöýerligi, gyz edebini, ahlak gözelligini, türkmen gyzlaryna mahsus bolan ahlak gylyk-häsiýetlerini terbiýelemek wezipelerinden ugur alnyp geçirilen bu bäsleşige höwesjeň we işjeň gurnak agzalary gatnaşdylar. Bäsleşigiň şertleri boýunça okuwçy gyzlar öz okaýan mekdebinde hereket edýän gyzlar gurnagynyň alyp barýan işleri boýunça çykyşlary ýerine ýetirdiler. Şeýle-de okuwçy gyzlar keşde çekmek, jorap örmek, jähek salmak, alaja işmek, haly dokamak, gaýma gaýamak boýunça öz ussatlyklaryny görkezdiler. Bäsleşigiň netijeleri boýunça Türkmenabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň gyzlary birinji orna mynasyp boldular we bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga  hukuk gazandylar. Bäsleşigiň ikinji ornuny welaýat merkeziniň ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiniň we 18-nji orta mekdebiniň gyzlary eýelediler. Şäheriň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 29-njy orta mekdebiniň we 11-nji orta mekdebiniň gyzlary üçünji orna mynasyp boldular. Ýeňijilere Lebap welaýat Baş bilim müdirliginiň Hormat hatlary gowşuryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: