Türkmenabatda Magtymguly Pyraga bagyşlanan çeper okaýyşlar guraldy
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli welaýat kitaphanasynda «Pyragy hem Arkadag — ömrümize şamçyrag» atly çeper okaýyşlar guraldy.
Şu medeniýet ojagy bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň bilelikde guran çäresine şäherimizdäki ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary, çeper döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlar gatnaşdylar. Onda çykyş edenler Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyr Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy, şygyrlarynyň terbiýeleýjilik ähmiýeti dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler.
Soňra ýaşlar akyldar şahyrymyzyň şygyrlaryndan goşgulary labyzly okadylar, sowal-jogap alyşdylar. Çeper okaýyşlarda aýratyn tapawutlanan ýaşlar ýörite sowgatlar bilen sylaglanyldylar.
Çäräniň dowamynda oňa gatnaşyjylar welaýat kitaphanasynyň işgärleri tarapyndan guralan kitap sergisi bilen hem tanyşdylar. Sergide Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan täze çap edilen kitaplar ýerleşdirildi.