310 müň tonnadan artyk bugdaý ýygnaldy
Lebap welaýatynyň gallaçylary bugdaý tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny berjaý etdiler. Şonda kabul ediş harmanhanalaryna 310 müň tonna gowrak guşgursak bugdaý tabşyryldy.
Şonça hasyl 130 müň gektar meýdanda ýetişdirildi. Türkmenistanyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, Lebap welaýatynda hem bugdaý hasylynyň düýbi güýzde tutulýar. Şondan soň indiki ýylyň maý aýyna çenli güýzlük bugdaýa agrotehnikanyň kadalaryna laýyk garaşyk edilýär we iýun aýynda galla oragyna girişilýär. Bu ýyl bu jogapkärli möwsüme 5-nji iýunda badalga berildi. Bugdaý oragyna «Jon Deere», «Class», «Case» kysymly kombaýnlaryň 400, awtoulaglaryň 2200 töweregi gatnaşdyryldy. Oragyň guramaçylykly geçirilmegi gysga möhletde bellenilen sepgide ýetmäge şert döretdi.
Köýtendag, Halaç, Darganata, Kerki etraplarynyň gallaçylary welaýatda ilkinjiler bolup pellehana geldiler. Şonda Köýtendag etrabynyň gallaçylary 17600 tonnanyň ýerine 17636 tonna, Halaç etrabynyň gallaçylary 53500 tonnanyň ýerine 53553 tonna bugdaý hasylyny ýygnadylar. Darganata etrabynyň gallaçylary 5300 tonnanyň ýerine 5310 tonna, Kerki etrabynyň edermen gallaçylary 20500 tonnanyň ýerine 20541 tonna guşgursak bugdaý gelip gowuşdy.
Galla oragy dowam edýär.