Türkmenistanyň senagat gurluşyk önümçiligi ministrligi Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda kalsit öndürýän önümhana gurmakçy. Degişli halkara tendeirini geçirilýändigi baradaky bildiriş resmi metbugatda çap edildi, diýip, «orient.tm» ýazýar.
Bildirişde önümhanada 50 müň tonna kalsitip öndüriljekdigi habar berilýär. Şol bir wagtyň özünde ozal hökümetiň bu materialyň 500 tonnasyny öndürmegi göz öňünde tutandygy hem aýdylýar. Kalsit türkmen senagatynda ýokary goşmaça bahaly önümleri — boýaglary, gipsokartony we magdan däl gurluşyk materiallaryny öndürmek üçin ulanylar. Häzirki wagtda olar daşary ýurtlardan getirilýän komponentlerden öndürilýär.