YKDYSADYÝET

Kerki etrabynda ýüpek gurçuklary üçünji ýaşynda idedilýär

Kerki etrabynyň «Mürzebeggala», Osman Söhbetow adyndaky, «Gyzylaýak» daýhan birleşiklerinde ýüpek gurçuklary eýýäm üçünji ýaşynda idedilýär. Bu barada «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.

Ýüpekçileriň 1242-si bu ýyl hem bol pile hasylyny öndürmäge şahsy goşantlaryny goşýar. Etrabyň ekerançylyk meýdanlarynda ýüpek gurçuklarynyň iýmit gory bolup hyzmat edýän tut agaçlarynyň her ýylda üstüniň ýetirilip durulmagy, öňden barlaryna oňat idegiň ýola goýulmagy zähmet ýeňşini gazanmaga şert döredýär.

Etrabyň 1-nji pile kabul ediş we guradyş bölümçesiniň ýolbaşçysy Myrat Saliýew üstümizdäki ýylda döwlete piläniň 85 tonnasyny tabşyrmagyň meýilleşdirilendigini aýdýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: