- SUNGAT ADAMLARY

Lebaply sungat işgärlerine hormatly atlar dakyldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Lebap welaýat medeniýet müdirliginiň başlygy Gurbandurdy Tahyrowiç Saryýewe «Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri», Türkmenabat şäher medeniýet merkeziniň artisti Dilber Jepbarkulyýewna Rahmanowa «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly atlar dakyldy.

Döwlet Baştutanynyň «Medeniýet, sungat we döredijilik işgärlerine Türkmenistanyň hormatly atlaryny dakmak hakynda» Permanynda bu çözgüdiň kabul edilmeginde hormatly atlara mynasyp bolanlaryň ýurdumyzyň milli medeniýetini, teatr, kino, aýdym-saz sungatyny, žurnalistikasyny we medeni aň-bilim edaralaryny ösdürmäge, çeperçiligi ýokary nakgaş eserlerini döretmäge, zehinli ýaş döredijilik işgärlerini taýýarlamaga we terbiýelemäge goşan aýratyn goşantlary, ýokary ýerine ýetirijilik hem-de hünär ussatlygy bilen döwletimiziň we halkymyzyň öňünde bitiren uly hyzmatlary, uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal, döredijilikli zähmeti we joşgunly zehini nazara alnandygy aýdylýar.

Ýeri gelende aýtsak, milletiň Lideriniň ýokarda agzalan Permany bilen, ildeşlerimiziň 12-sine hormatly atlar dakyldy. Olaryň ikisiniň lebaply medeniýet we sungat işgärleri bolmagy guwandyryjydyr.