Bize Ýerden gowusy ýok
Adamzadyň Aýa ýa-da Marsa göçüp gitmek baradaky hyýallary suwa gaçjaga meňzeýär. Soňky maglumatlar olaryň ikisiniň hem adam ýaşamak üçin oňaýsyzdygyny görkezýär. Çünki Aýda-da, Marsda-da ýokary derejede radiasiýa hem-de galaktiki şöhleler bar. Bu barada Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Biotebigy gözlegler institutynyň älem giňişligi boýunça işleýän bölümi tarapyndan habar berildi.
«Gün ulgamyndaky şöhleleniş nukdaýnazaryndan seretsek, Ýerden başga ýerde adam ýaşamak üçin mümkinçilik ýok. Ýer biziň älem gämimiz, Günüň hem-de galaktikanyň adatdan daşary şöhlelerini onuň «atmosfera» atly galkany iň pes derejä çenli getirýär. Üstesine-de Ýerde magnit meýdany bar» diýip, akademiýanyň beýanatynda aýdylýar.
Alymlaryň aýtmagyna görä, Aýyň Gün şöhlesini kabul edijiligi Ýeriňkiden 400 esse köp. Dogry Marsyň şöhläni göni kabul edijiligi Aýdakydan 1,5 esse az, ýöne olaryň ikisinde-de ynsan üçin örän zyýanly galaktiki şöhleler bar.
Magnit meýdany ikinji bir zerurlykdyr. Älem giňişliginde häzire çenli Ýerde başga ýerde şeýle meýdana gabat gelinmedi.