Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň Güýçbirleşik obasynda täze haly ussahanasynyň gurluşygy tamamlanyp barýarlar, diýip «Türkmenistan. Altyn asyr» saýty habar berýär.
Önümçilik jaýlaryny Halajyň çeper haly kärhanasynyň buýurmagy bilen, Marynyň ýüňi gaýtadan işleýän kärhanasy we “Altyn gum” hususy kärhanasy gurdy.
Meşhur el halylary dörediljek ussahana takmynan 300 inedördül metr meýdany tutýar.
Täze binada halyçylar sowadyjy enjamlar, ýyladyş we howa çalşygy ulgamlary bilen enjamlaşdyrylan giň hem ýagty otaglar bilen üpjün edilendir. Gurluşykçylar çeper elli aýal-gyzlaryň ussahananyň bezeginiň we enjamlaşdyrylyşynyň hili babatynda nägile bolmazlygy üçin, ýeterlik alada edipdirler.