JEMGYÝET

«Ýylyň terbiýeçisi―2022» mälim boldy

Türkmenabat şäherindäki 47-nji çagalar bagynda «Ýylyň terbiýeçisi―2022» atly bäsleşigiň şäher tapgyry geçirildi. Welaýat baş bilim müdirligi hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi tarapyndan bäsleşige şäheriň öňdebaryjy terbiýeçileri gatnaşdylar.

Bäş şertden ybarat bolan bäsleşige gatnaşyjylar syýasy, amaly we nazary ugurlar boýunça çykyş etdiler hem-de özleriniň taýýarlan okuw-görkezme esbaplaryny görkezdiler.

Türkmenabat şäherindäki 23-nji «Melhem» çagalar bagynyň terbiýeçisi Mahym Hoçjyýewa ýeňiji diýlip yglan edildi we ol bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: