JEMGYÝET

Aşgabatda logistika merkezi açyldy

Düýn Aşgabadyň halkara awtoterminalynyň golaýynda gurlan Awtoulag kärhanalar toplumy açyldy. Onuň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň «Türkmenistan bu gün» Döwlet habarlar agentligi ýazýar.
Bu döwrebap toplum Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmaga şert döreder. Sebitara gatnaşyklaryň ösüşine uly itergi berip, Ýewraziýa giňişliginde ulag gatnawlaryny amatly ýagdaýa getirmäge uly mümkinçilikleri döreder.
«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň buýurmasy boýunça «Weli Gurluşyk» hususy kärhanasy tarapyndan gurlan, 600 müň inedördül metrden gowrak meýdany tutýan toplum birnäçe kärhanalaryň desgalaryny, şol sanda Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasyny, Awtomobil mekdepleri birleşigini hem-de «Awtoulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini öz içine alýar.
Bu ýerde 150 orunlyk naharhana, ýangyn söndüriji beket, awtoulaglara ýangyç guýýan stansiýa, 1800-e golaý awtobusa, 800 taksä niýetlenen bassyrmalar, 4 sany hyzmat ediş hem-de tehniki dispetçer nokatlary, awtotürgenleşik meýdançasy bar.
Toplumda halkara ölçegleriň ýokary talaplary, hereket howpsuzlyk kadalary we bu edaralaryň netijeli işlemegi üçin zerur bolan ähli desgalar we enjamlar göz öňünde tutuldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply