JEMGYÝET

Kärdeşler arkalaşyklarynyň okuw maslahatlary geçirilýär

Şu günler Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň guramagynda şäherdir etraplarda okuw maslahatlar geçirilýär. Okuw maslahatynda raýatlaryň durmuş taýdan goraglylygy, zähmeti goramak we howpsuz zähmet şertleri, Kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynda iş dolandyrylyşyny degişli gollanmalara we talaplara laýyklykda alyp barmagyň düzgünleri hakda aýdyldy we degerli maslahatlar berildi. Şeýle-de kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynda kanunçylygyň talaplarynyň dogry we doly berjaý edilişi, zähmetkeşleriň kanuny bähbitleriniň goralyşy barada pikir alşyldy. Bu okuw maslahatlary kärdeşler arkalaşyklarynyň şäher-etrap birleşmeleriniň we ilkinji guramalarynyň işiniň netijeliligini gazanmakda hem-de özara tejribe alyşmakda ähmiýetli bolar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: