JEMGYÝET

Kerkide Halkara zenanlar gününe bagyşlanan sergi işleýär

Kerki şäheriniň döwlet arhiwi şäheriň ülkäni we taryhy öwreniş muzeýi bilen bilelikde Halkara zenanlar gününe bagyşlanan sergi gurady.

Sergi açylmazyndan ozal bu ýere gelenler Halkara zenanlar gününiň döreýşi, olaryň häzirki wagtdaky durmuşdaky orny, milli aýratynlyklar we türkmen zenanlarynyň mentaliteti barada gürrüň berildi.

Sergide zenanlaryň milli şaý-sepleri, amaly-haşam sungatynyň eserleri, zenanlaryň eşikleri we öýde ulanylýan esbaplar goýlupdyr. Ýörite diwarlykda milli eşikdäki türkmen zenanlarynyň we şaý-sepleriň suratlary, olar barada ýazgylar bar.

Sergi 10-njy marta çenli işlär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: