JEMGYÝET

Ýylyň başyndan bäri guýularyň 14-siniň durky düýpli täzelenildi

«Lebapörisuw» abatlaýyş-ulanyş edarasynyň ussalary tarapyndan ýylyň başyndan bäri guýularyň 14-siniň durky düýpli täzelenildi.

Bu möhüm işler Döwletli, Hojambaz, Saýat etraplarynyň çäklerindäki maldarçylyk hojalyklarynda ýerine ýetirildi. Häzirki günlerde bolsa edaranyň ussalary Döwletli etrabyndaky «Tallymerjen» maldarçylyk hojalygynda guýularyň ýene-de üçüsiniň durkuny düýpli täzeleýärler. Olar bu işleri geljek aýda — Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň belleniljek gününe çenli tamamlamagy maksat edinýärler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: