• Mon. Sep 21st, 2020

Türkmenistan: Resminamalar welaýat merkezlerinde kabul ediler

Jul 16, 2020

Türkmen döwlet medeniýet institutyna, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen mili konserwatoriýasyna we Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasyna lebap welaýatyndan dalaşgärleriň resminamalarynyň Türkmenabat şäherinde ýerleşýän ýörite sungat mekdebinde kabul edilip başlanandygyny habar berýäris.
«Türkmendemirýollary» agentliginiň otly gatnawlarynyň we 15-nji iýuldan başlap şäherara awtobus gatnawlarynyň wagtlaýyn çäklendirilendigi sebäpli, şeýle karara gelindi. Şonuň üçin hem ýokarda agzalan ýokary okuw mekdeplerinde okamak isleýän dalaşgärler indi resminamalaryny Türkmenabatdaky ýörite sungat mekdebinde ýerleşýän kabul ediş toparyna tabşyryp bilerler.

Поделиться ссылкой: