JEMGYÝET

Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hünärmenleri ýerli muzeýleriň işini guramaga kömek berýärler

Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hünärmenleri edaralaryň, kärhanalaryň, bilim edaralarynyň ýanyndaky muzeýleriň işini guramaga gönükdirilen usuly kömekleri berýärler.

Olar muzeýleriň eksponatlaryny hasaba almak, olar barada degişli resminamalary ýöretmek, tapyndylary aýawly saklamak we ylmy taýdan öwrenmek barada maslahatlary berýärler. Welaýat muzeýiniň wekilleriniň kömegi ýerli muzeýleriň hünärmenlerine beren kömegi uly ähmiýete eýedir. Edaralaryň, kärhanalaryň köpüsinde olaryň taryhy barada maglumatlary toplaýan muzeýler hereket edýär. Mekdeplerde hem taryh mugallymlarynyň we okuwçylaryň kömegi bilen döredilen muzeýler bar. Geçirilýän çäreler olaryň işini kadalara laýyk kömek berer.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: