MEDENIÝET

Plastik çüýşeler durmuşy galyndylar däl-de, sungat eserleri

Türkmenabat şäherindäki 7-nji çagalar bagynda, hiç bolmanda, ýekeje gezek bolan adam bu ýerdäki üýtgeşik heýkellere üns beren bolsalar gerek. Olar, adatça, içindäki ulanylanyndan soň taşlaýan adaty plastik çüýşelerde edilen. Bu eserleriň awtory — çagalar bagynyň terbiýeçisi Tatýana Wasilýewna Şinkarenko.

Kyrk dört ýyl bäri ýadawsyz zähmet çekip gelýän bu zenan mekdebe çenli ýaşly çagalara bilim we terbiýe berýär. Özem, adaty çagalara däl-de, sözleýşinde kemçiligi bolan körpelere. Ol öz işinde sungat eserlerini giňden ulanýar. Iň esasy zat bolsa, olary öz eli bilen taýýarlaýar. Onuň işleýän toparynyň jaýyny ertekileriň gahrymanlary şekillendirilen suratlar, Türkmenistanyň kartasy bezeýär. Özem, olar bugdaý, mäş, noýba, nohut we beýleki ekinleriň dänelerinden oňarylan. Şkaflaryň tekjelerinde «ýaşaýan» gurjaklar — türkmen halk ertekileriniň gahrymanlary. Olary hem terbiýeçi öz eli bilen ýasapdyr. Bir söz bilen aýdylanda, çagalar ene-atalary işde wagty gününi geçirmek üçin ýöne bir toparynyň jaýynyň gapysyndan ätlemeýärler. Olar ajaýyplygyň höküm sürýän dünýäsine düşýärler.

Terbiýeçiniň elini degren zady ýönekeý bir şekil bolman, hakyky sungat eserine öwrülýär. Özem, ol diňe toparyny bezemek bilen çäklenmeýär. çagalar bagynyň çägine girenlerinden, körpeleriň we olaryň ene-atalarynyň ertekiler dünýäsine düşen ýaly bolmaklaryny gazanmak ugrunda aladalanýar. Bu ýerde «Gijäňiz rahat bolsun!» telegörkezişdäki jojuk, žiraf, gaz we beýleki haýwanlar çagalary we olaryň ene-atalaryny ertirlerine garşy alýarlar, agşamlaryna bolsa ugradýarlar. Olaryň ählisi hem göwrümi 0,5 litrden 5 litre çenli bolan plastik gaplardan ýasalan.

Bu eserlere diňe dik durup däl, kürsülerde oturyp hem tomaşa etse bolýar. Olary hem terbiýeçi ýasapdyr. Iň esasy zat bolsa, munuň üçin hiç hili harajat etmändir. Onuň üçin bary-ýogy hyýalyndaky şekiller we ulanyşdan galan tigirler gerek bolupdyr.
Tatýana Wasilýewnanyň entek etsem-goýsamlary kän. Ol çagalar bagynyň çäginde täze sungat eserlerini oturtmagy ýüregine düwüpdir. Onuň esasyny bolsa asman atlary tutarlar.
Köp ýyllyk zähmeti we ösüp gelýän nesli terbiýelemäge goşan mynasyp goşandy üçin ol «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglanyldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply