DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Dokuz ýaşly Alisa Teplýakowanyň kakasy gyzynyň Moskwanyň Döwlet uniwersitetindäki okuwy üçin tölemäge taýýar

ÝEGE (bitewi döwlet synagy) we M.W.Lomonosow adyndaky Moskwanyň Döwlet uniwersitetine giriş synaglaryny tabşyran dokuz ýaşly Alisa Teplýakowanyň kakasy gyzynyň okuwy üçin tölemäge taýýar. Bu barada «rambler.ru» ýazýar.

Ozal Alisa Teplýakowanyň MDU-nyň psihologiýa fakultetiniň býujet bölümine girip bilmändigini barda habar berilipdi.

Ondan ozal okuw jaýynyň rektory dalaşgärleri kabul etmekde uly tejribe toplandygyny we Moskwanyň Döwlet uniwersitetine 14-15 ýaşly ýetginjekleriň girendigini aýdypdy. Psihologiýa fakultetinde bolsa giriş synaglaryny üstünlikli tabşyran ýagdaýynda, Alisany okuwa kabul etjekdiklerini aýdypdylar.

Alisa Teplýakowa eýýäm ÝEGE tabşyrdy we 11-nji synpy tamamlandygy barada attestat aldy. 9-njy synp üçin attestaty ol 7 ýaşynda alypdy we şondan soň 11-nji synp üçin synaglary tabşyrypdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: