MEDENIÝET

«Türkmenistan» kinokonsert zalynda aýdymçylaryň ilkinji konserti boldy

«Türkmenistan» kinokonsert zalynda «Tomus gijesiniň düýşi» atly konsert boldy. Bu barada «Türkmenistan. Altyn asyr» saýty habar berýär.

«Altyn asyr» baýragynyň eýesi Bahar Durdyýewanyň ýolbaşçylygyna wokal bilen meşgullanýan ýaşlaryň birnäçesi ilkini gezek professional sahnada çykyş etdiler.

Selbi Haýdarowa, Marta Gires, Diana, Jeýhun Gurbangulýew dagylar özlerini ukyplaryny görkezdiler. Olar söýgi, parahatçylyk, dostluk hakynda  aýdym aýtdylar. Aýdymçylaryň her biriniň çykyşy «Dekrail» tans toparynyň tansçylarynyň sazlaşykly hereketleri bilen utgaşyp gitdi. Wiktoriýa Strelsowa bilen Aleksandr Kuwarziniň Aleksandr Koçetkowyň sözlerine ýerine ýetiren aýdymy aýratyn hem uly nesliň göwnünden turdy.

Tansçy Jeýhun Atatagyýewiň çykyşy hem konsert programmasy bilen sazlaşykly utgaşdy. Haýran galdyryjy hereketleri maryly ýigidiň diňe biziň ýurdumyzda däl-de, onuň çäklerinden daşarlarda hem meşhurlyga eýe bolmagyny şertlendirdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: