MEDENIÝET

ÝUNESKO Türkmenabat şäherinde dabaraly maslahat geçirdi

Şu gün Türkmenabat şäher medeniýet öýünde «Türkmenistan ― umumadamzat ähmiýetli gymmatlyklaryň mekany» atly dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariaty tarapyndan ýaýbaňlandyryldy. Ol Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň agzalygyna kabul edilmeginiň 30 hem-de «Maddy däl medeni mirasy goramak baradaky» konwensiýanyň agzalygyna kabul edilmeginiň 20 ýyllygyna bagyşlandy.

Döwrebap sungat ojagynyň foýesinde welaýat çagalar sungat mekdebiniň sazandalar topary dabara gatnaşyjylary joşgunly mukamlar bilen garşyladylar. Bu ýerde welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyplarynyň hem-de ýurdumyzyň Suratkeşler birleşiginiň Lebap welaýatyndaky agzalarynyň eserlerinden düzülen sergi hem ýaýbaňlandyrylypdyr. Elbetde, sergide ÝUNESKO tarapyndan adamzadyň maddy däl gymmatlyklarynyň hataryna Türkmenistandan girizilen milli aýratynlyklarymyz öz beýanyny tapýar.

Medeniýet öýünde geçirilen dabaraly maslahat ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary Türkmenistanyň Gahrymany  Çynar Rüstemowanyň çykyşy bilen başlady. Ol çykyşynda Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygynyň barha ilerleýändigini nygtap, guramanyň Türkmenistanyň teklibi bilen gymmatlyklaryň birnäçesini adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizendigini, häzirki wagtda bolsa täze teklipleriň hödürlenilýändigini aýtdy. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň wekilleriniň çykyşy bolsa Türkmen halkynyň maddy däl medeni mirasyny öwrenmekde we goramakda Maddy däl medeni mirasyny goramak hakyndaky Konwensiýanyň ähmiýetine bagyşlandy. Türkmenistan bu Konwensiýa ygralylyk bilen iş alyp barýar. Şeýle bolansoň, türkmen halkynyň milli gymmatlyklary tutuş adamzadyň gymmatlyklaryna öwrülýär.

Türkmenabat şäher Medeniýet öýünde dutar ýasamagyň milli tejribesine, ÝUNESKO-nyň sanawyna girizilen milli gymmatlyklaryň taryhy ornuna hem-de halk döredijiliginiň folklor sungatyna bagyşlanan çykyşlar hem diňlenildi.

Bu ýerdäki dabaralar «Çapaklar çalynsyn bagtyýar ilde» atly folklor konsertine hem utgaşdy. Konsertde Kerki etrap medeniýet merkeziniň «Zemin nagmalary», Saýat etrabynyň «Çapak», «Balsaýat», etrabyň Garabekewül şäheriniň «Oguz nagmalary» hem-de Çärjew etrabynyň «Ýassydepe» folklor toparlary çykyş etdi. Çykyşlarda köpugurly folklor hazynamyzyň dürli görnüşlerine ýüzlenilipdir.

 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: