JEMGYÝET

Welaýat kitaphanasy döwlet çäresine gatnaşdy

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Kitap — ynsan kalbynyň şamçyragy» diýen at bilen neşir önümleriniň, amaly-haşam sungaty eserleriniň sergisi geçirildi. Oňa Lebap welaýat kitaphanasynyň wekilleri hem gatnaşdylar.

Serginiň dowamynda guralan maslahatda täze tehnologiýalaryň kitaphana ulgamyna ornaşdyrylyşy, elektron kitaphana ulgamynyň ösüşi, robotlaryň kömegi bilen okyjylara hyzmat edilişiniň aýratynlyklary baradaky maglumatlara aýratyn orun berildi.

Çäräniň dowamynda guralan «tegelek stoluň başyndaky» söhbetdeşliklerde ýaş nesilleriň arasynda kitaplara bolan söýgini ösdürmegiň meseleleri, elektron neşirlerden peýdalanylyşy gowulandyrmak barada gürrüň edildi.

Soňra «Kim kitap köp okady?» ady bilen yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkezi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: