JEMGYÝET

Kilim dokamak sungatyny ÝUNESKO-nyň sanawyna girizmek teklip ediler

Şu gün Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Türkmenistan ― ÝUNESKO: Diýardan ýaýran ýollar» atly maslahat geçirildi. Bu ýerde geçirilen maslahatyň we ýaýbaňlandyrylan serginiň, esasan, ÝUNESKO tarapyndan adamzadyň maddy däl medeni miras sanawyna goşulan gymmatlyklara bagyşlanandygyny aýratyn nygtamak gerek.

Maslahatda edilen çykyşlarda kilim dokamak sungatyny ÝUNESKO-nyň sanawyna hödürlemek boýunça teklipler orta atyldy. Çykyş edenleriň arasynda mirasgärler, muzeý işgärleri we kilim dokaýjylar hem bar. Olaryň nygtaýşy ýaly, kilimler şöhratly taryhymyzyň esasy gymmatlyklarynyň biridir. Taryhy maglumatlara görä, ol keçeden soň, halydan bolsa öň ýüze çykypdyr. Kilim dokamak däbi häli-häzirler hem Lebap welaýatynyň Köýtendag, Kerki, Hojambaz we Saýat etraplarynda ýörgünli dowam etdirilýär. Maslahatda geljekde bu sungaty ýaşlaryň arasynda has giňden wagyz etmek barada hem pikir alyşyldy. Muzeýde ýaýbaňlandyrylan sergide ÝUNESKO tarapyndan Maddy däl medeni miras sanawyna girizilen gymmatlyklar şöhlelendirildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: