Lebap welaýat medeniýet merkezinde «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» atly bäsleşigiň jemi jemlenildi.

Welaýat häkimliginiň, medeniýet müdirliginiň we iri jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlap, yglan eden bäsleşigine nakgaşlar, heýkeltaraşlar, zergärler, keramikaçylar, dizaýnerler gatnaşdylar.

Nakgaşçylyk eserleri boýunça RüstemAtajanow, Rahman Umarow, Myrat Baltaýew dagylar degişlilikde birinji, ikinji, üçünji orunlara mynasyp boldular. Grafika eserleri boýunça Alymjan Işangulyýew, Salam Jumaýew, Ýelena Işangulyýewa dagylar ýeňijiler diýlip yglan edildi. Emin Şaýmerdanowyň, Merdan we Hemra Atajanowlaryň döreden heýkellerine hem ýokary baha berdiler. Halyçylyk, keramika, iş kagyzlaryň bezegleri, dizaýn ugurlary boýunça hödürlenilen işler hem mynasyplaryň hatarynda bellenildi.

Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyplary Şemşat Saparowa, Merjen Öwezowa, Täzegül Jumaýewa dagylar çeken suratlary üçin degişlilikde birinji, ikinji, üçünji orunlary eýelediler. Ramazan Artykowyň «Şapak» atly heýkel, Jeren Jepbarowa bilen Serdar Jumaýewiň grafika işleri hem bäsleşigiň ýeňijileriniň sanawyna goşuldy.

Ýeňijilere guramaçylar tarapyndan gymmat bahaly baýraklar we Hormat hatlary gowşuryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: