BIZE YAZYARLAR

Ýüňden gözellige çenli

Biziň ýurdumyzda milli buýsanjymyz bolan el halylaryny dokamak üçin, esasan, saryja goýnuň ýüňi ulanylýar. Ýarym irimçik, ak reňkli, uzyn sütükli, ýumşak, çeýeligi ýeterlik bolan saryja goýunlaryň ýüňi haly dokamak üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatly çig mal bolup hyzmat edýär. Dünýä belli türkmen halylarynyň berkligi, reňk aýratynlyklary, nagyşlarynyň aýdyňlygy gös-göni saryja tohumly goýunlaryň ýüňüniň hiline baglydyr.

Türkmen halylary saryja goýnuň ýazky ýüňünden dokalýar. Uzak ýyllaryň dowamynda halk seçgiçiliginiň netijesinde döredilen saryja tohumly goýunlar özünde gymmatly biologiki hem hojalyk ähmiýetli aýratynlyklary jemleýär.

Saryja goýunlar ýylyň dowamynda ýurdumyzyň sähralyk, ýarym sähralyk we düzlük öri meýdanlarynda bakylýar. Olar öri meýdanlarynyň ot-suw hem-de howa şertlerine gowy uýgunlaşandygy bilen tapawutlanýarlar.

Ýokary hilli we köp ýüňi bolýandygy üçin bu goýunlar et-ýag we ýüň ugurly tohum hasaplanýar. Bu tohumyň ene goýunlarynyň diri agramy ortaça 50 — 55, goçlarynyňky bolsa 70 — 75 kilograma barabardyr.

Saryja goýunlarynyň tohumçylyk fermalarynda 5 aýlyk toklulardan 1 — 1,2 kilogram baýzy ýüňi, işşek goýunlardan 2,6 — 3,1, ene goýunlardan 2,7 — 3,2, uly höwür goçlardan bolsa 3,5 — 4 kilogram ýüň alynýar. Bu goýunlar ýylda iki gezek: ýazyna aprel-maý aýlary, güýzüne bolsa awgust-sentýabr aýlarynda gyrkylýar.

Bu goýunlaryň ýarym irimçik ak ýüňi bolup, olar esasan, sütük süýümden (75 — 85 göterim), aralyk süýümden (15 — 20 göterim) hem-de irimçik süýümlerden (5 göterime çenli) ybaratdyr. Olaryň ýüňüniň umumy uzynlygy ortaça 15 — 18, sütüginiňki bolsa 7 — 8 santimetre deň. Mundan başga-da, ýaz ýüňünden jemper, guşak, jorap, ellik, dolak ýaly önümler hem öndürilýär. Bu goýunlaryň güýz ýüňi basma matalary, namazlyk, keçe we ak öýüň ýapynjalaryny, keçe ädik taýýarlamakda giňden ulanylýar.

Ata-babalarymyz nesle geçiji alamatlarynyň daşky gurşaw bilen özara täsiriniň sazlaşygynyň esasynda saryja tohumly goýunlaryň önüm berijiliginiň ýokary genetiki mümkinçilige eýe bolmagyny gazanypdyrlar.

Dowar tohumlarynyň genofondunyň altyn hazynasy hasaplanýan, maddy gymmatlygymyz bolan saryja goýunlarynyň nesil goruny gorap saklamak we kämilleşdirmek, ýokary önümli mallaryň baş sanyny has-da artdyrmak ýurdumyzyň maldar alymlarynyň hem-de hünärmenleriniň häzirki döwürde esasy wezipeleriniň biridir.

Şemşat GANDYMOWA,

Türkmenabat Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: