BIZE YAZYARLAR

Näzik sesli baglama

Ýurdumyzda her bir  sungat işgärine işlemäge, döretmäge giň mümkinçilikler bar. Şol sanda çagalar sazçylyk sungat mekdeplerinde okatmaga, bilim bermäge ähli şertler döredilen. Häzirki wagtda çagalar sazçylyk sungat mekdeplerinde saz gurallarynyň birnäçesi boýunça bilim berilýär. Şol saz gurallaryň biri-de aýdym-saza teşne göwünlere baglanan – baglamadyr.

Baglamanyň mylaýym, ýakymly owazy bar. Baglamanyň nagmalary dutardyr gyjagyň, trubanyň, uduň owazyna-da goşulyp çalnypdyr. Owadan sese eýe baglama  dutara meňzeşräk saz guraldyr. Onuň gulaklary, sapy, kirişleri, perdeleri, gapagy, kädisi, eşegi bar. Oňa üç kirişli saz guraly diýilse-de, baglamanyň ýedi sany kirişi bar. Kirişleriniň birinjisi üç sany, ikinjisi iki, üçünjisi hem goşa kirişdir. Kirişleriň ählisi bir owaz çykarýar, ýagny bir sese düzülýär.

 Baglamanyň iki görnüşi bar. Olaryň biri on dokuz perdeli we beýlekisi ýigrimi dört perdelidir.

Baglamanyň owazy näzik, ýakymly, mylaýym bolansoň oňa «Ýumşak» saz guraly hem diýilýär. Ol kirişkakaryň kömegi bilen çalynýar.

Bu günki gün baglama saz guraly sazçylyk sungat mekdeplerinde ýörite hünär boýunça öwredilýär. Guwanmaly ýeri bu ugra höwes bildirýän ýaşlarymyzyň sany barha artýar. Ine, mysal üçin, biziň öz mekdebimizde bu ugur boýunça hünär sapagy ýörite okadylýar.  Biz bu saz guralda türkmen halk sazlaryny, daşary ýurt kompozitorlarynyň sazlaryny, türkmen kompozitorlarynyň eserlerini  ýerine ýetirýäris. Ansambl bolup saz çalyp, mekdebimizde, etrabymyzda geçirilýän baýramçylyklarda, konsertlerde çykyş edýäris.

 Dinara Babamuradowa,

 Köýtendag etrabynyň  çagalar sungat mekdebiniň mugallymy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: