BIZE YAZYARLAR

Lebap welaýatynyň 2-nji çagalar sungat mekdebinde “Bahar geldi” atly konsert geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilşimiz ýaly ýurdumyzyň her bir güni şanly senelere, toýdur-dabaralara beslenýär. Bahar paslynyň owadanlygy kalbyňy nurlandyrýar. Tebigat gyzyl, al-elwan güllere, ýaşyl donuna bürenip, bahar paslynyň gelenini habar berýär. Bahar paslynda birnäçe ajaýyp baýramçylyklarymyz jemlenip, 8-nji mart baýramy ene-mamalarymyzyň, gelin-gyzlarymyzyň, zenanlarymyzyň güni, şeýle hem Nowruz baýramy örän giňden bellenilip  geçirilýär. Bu ajaýyp baýramçylyk mynasybetli hem lebap welaýatynyň 2-nji çagalar sungat mekdebiniň “Fortepiano” bölüminiň müdiri Esenowa Sabohat Hudaýbergenownanyň gurnamagynda “Bahar geldi” atly dabaraly konsert  geçirildi. Konsert dabarasy kompozitor Batyr Sultanowyň “Bahar geldi ” atly ajaýyp sazynyň ýaňlanmagynda uly şowhun bilen açyldy. Bu eseri “Fortepiano” bölüminiň ýaş sazandalary 4-nji synp okuwçysy Ýagmyrowa Milananyň we 3-nji synp okuwçysy Rozumbaýewa Žasminiň ýerine ýetirmekleri baýramçylyk konsertiniň ajaýyp başlangyjy boldy.

Konsertiň repertuarynda ussat türkmen kompozitorlarynyň şeýle-de daşary ýurt kompozitorlarynyň sazlary ýerine ýetirildi. Konsertiň dowamynda   ýaşajyk sazandalaryň  rus halk aýdymy “Kalinka”, F.Şumanyň “Garakçylaryň tansy”, E.Grig “Wals”, N.Halmammedow “Prelýudiýa”, N.Muhadow “Şadyýan pioner”  sazlarynyň ýaňlanmagy diňleýjiler üçin has-da täsirli boldy. Konsertda  mekdebimiziň 7-nji synp okuwçysy Leýli Açilowa italýan halk aýdymy “Bella Çau” aýdymyny ýerine ýetirdi. Bu ajaýyp esere mekdebimiziň “Fortepiano” bölüminiň müdiri   Esenowa Sabohat Hudaýbergenowna ussatlarça sazandarlyk etdi. Täsirli saz eserleriniň ýaňlanmagy baýramçylyk konsertimiziň bezegine öwrülip, konsert gyzgyn el çarpyşmalar bilen  dowam etdi.

Soňra konsert mekdebimiziň kiçi synp okuwçylar toparynyň taýýarlamagynda edebi-sazly kompozisiýa  bilen dowam etdi. Okuwçylar mähriban enerlerimizi goşgudyr-şygyrlaryň üsti bilen tüýs ýürekden gutladylar. Baýramçylyk dabaramyza gatnaşyjylar bu edebi-sazly kompozisiýa çykyşyndan diýseň lezzet aldylar.

Konsert “Tango” sazynyň ýaňlanmagy esasynda jemlenip, eseri  mekdebimiziň 6-njy we 7-nji synp okuwçylary Jennet Joşgunowa, Leýli Açilowa ýerine ýetirdiler. Bahar paslyna bagyşlanan bu  dabaraly konsert misli bahar mysaly konsert dabarasyna gatnaşyjylaryň ruhuny heýjana getirdi. Sungatyň we medeniýetiň ojagy bolan mekdebimizde şeýle baýramçylyk konsertleriniň yzygiderli ýygy-ýygydan geçirilip durmagy, ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň saz sungatyna bolan höwesini has-da artdyryp, zehinini kämilleşdirmäge ýardam berýär.

Ýaş nesiller ýurdumyzyň gelejegidir. Ata Watanymyzyň ösmegine we kämilleşmegine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşjak ýaşlary terbiýelejekdigimizi ynandyrýarys.  “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda bagtyýar ýaş nesilleriň bilim almagy üçin ähli mümkinçilikler döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, ömürleri uzak, işleri rowaç bolsun.

   Lebap welaýat Türkmenabat şäheriniň   2-nji çagalar sungat mekdebiniň  “Hor dirižýorlygy ” bölüminiň                             ýaş hünärmen mugallymy  Raimowa Firuza Bahtiýarowna

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: