BIZE YAZYARLAR

Saman heýkele öwrülende

Ýaponiýa diňe bir tehnologiýa taýdan ösen ýurt bolup, onuň ilaty dürli görnüşli robotlary ýasamak bilen çäklenmän, eýsem, olar döredijilik bilenem meşgullanýarlar. Her ýyl Niigatanyň we Kagawanyň meýdançalarynda saman heýkelleriniň bäsleşigi geçirilýär.

Ýaponiýanyň oba ýerlerinde şaly hasyly ýygnalandan soň, galan sypallar maldarçylyk hojalyklaryna ugradylýar. Birnäçe wagtdan soňra ugurtapyjy maldarlaryň kömegi bilen ondan dürli görnüşli ägirt uly haýwanlaryň heýkelleri ýasalýar. Ýapon daýhanlary bu pikiri şeýle bir goldadylar welin, döredijilik eserlerini görkezmek üçin tutuş bir baýramçylyk bäsleşigini guradylar. Bu bäsleşige ýylsaýyn Ýaponiýanyň dürli künjeginiň wekilleri öz eserlerini görkezmek üçin gatnaşýarlar. Munuň netijesinde dünýäniň dürli künjeklerinden jahankeşdeler döredilen ajaýyp heýkelleri görmek üçin bäsleşige gelýärler.

Ilkibada heýkeller gaty näzik ýaly bolup görünýär, sebäbi saman berk däl, ýöne näzikligine we ýumşakdygyna garamazdan, soňy bilen heýkeller durnuklydyrlar. Olaryň, hakykatdan hem, şeýledigini heýkelleriň käbirleriniň içinde çagalaryň oýun oýnaýyşlary subut edýär.

Heýkelleriň berk bolmagy üçin ilki bilen, agaç çarçuwa ýasalýar, soňra ol saman bilen örtülýär. Her bir ägirt uly heýkeli ýasamak üçin bir hepde çemesi wagt sarp edilýär. Taýýarlanylan heýkeller özleriniň hakykata laýykdygy bilen tomaşaçylarda uly täsir galdyrýar.

Aýgül NASYROWA,

Türkmenabat Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: