SPORT WE SYÝAHAT

Teo «Milana» şert goýdy

Eger-de «Milan» Çempionlar ligasyna ýollanma alyp bilmese, goragçy Teo Ernandes tomusda topardan gitmegi mümkin.

25 ýaşly fransuz oýunçysy bu möwsümden öň şertnamasyny 2026-njy ýyla çenli uzaltdy. Emma aýdylşyna görä, häzirki wagtda Ernandes üçin APL-niň bir klubynyň 75-80 million ýewro töweregi pul hödürleýändigi aýdylýar. Eger bu teklip öz güýjünde galsa, ol tomusda ligasyny üýtgedip biler.

«Eurosport»-yň habaryna görä, Milanyň sport direktorlary Paolo Maldini we Frederik Massara Teonyň ornuna dalaşgär hökmünde «Empoliniň» 22 ýaşly oýunçysy Fabiano Parizi we «Benfikanyň» 27 ýaşly goragçysy Aleks Grimaldony göz öňünde tutýarlar.

 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: