BIZE YAZYARLAR

Ynsanperwerlige ýugrulan oýunlar

Türkmen milli oýunlarynda awçylyk, balykçylyk, maldarçylyk bilen bagly däp-dessurlar hem öz beýanyny tapypdyr. Suwy, ýeri aýawly saklamak, ojagy, ody goramak, ýaly ýörelgeler siňen oýunlar biziň günlerimize gelip ýetipdir. Mergenligi, ylgamagy, uzakdan görüjiligi, eşitgirligi, hüşgärligi talap edýän, şol häsiýetleri çagalarda ösdürip, kämilleşdirýän oýunlar hem oguzlaryň ýaşan döwründen bäri milli aýratynlygyny saklap gelipdir. ”Altyn gabak”, ”Topar gaçdy”, ”Gözdaňdy”, ”Syrly sandyk”, ”Altyn kenek” ýaly oýunlar öz gözbaşyny türkmen durmuşyndan alyp gaýdýar.

Däp-dessurlaryň, ynanç-ygtykatlaryň edebiýata, medeniýete, sungata siňşi ýaly, şol ýörelgeler milli nyşanlarda, tugralarda, şaý-seplerde öz beýanyny tapypdyr. Türkmen tutgrasynyň sekizburçly bolşy ýaly, küşt oýny üçin hem şol sekizligi ulanypdyrlar. Ýagny küşt tagtasy 64 öýden ybarat bolup, onuň her tarapyndaky 8 öýüň öz reňki bar. Ata-babalarymyz ir döwürlerde küşdüň göçümi boýunça küştdepdi tansyny döredipdirler.

”Düzzüm” oýny gadymy oguz ýörişleriniň beýany bolupdyr. Aslynda sadranç oýny hem bir emeldaryň söweş tilsimini, goşunyň ýerleşişini, hüjüm edişini, yza çekilişini we ýeňiş gazanýança geçýän ýagdaýlary esasynda döräpdir. Akyldarlaryň biri emeldaryň söweş tilsimlerini synlap, küşt oýnuny oýlap tapypdyr.

Söweş tälimleri, ýörişleriň çyzgysy, däp-dessurlaryň gözbaşy çeperleşdirilip, oýun hökmünde halkyň arasyna ýaýrapdyr. Olaryň köpüsi halk döredijilik eserlerine siňipdir. Taryhy we edebi çeşmelerde beýan edilýän oýunlara ser salanyňda many-mazmunynyň çuňdugyna düşündigiňçe, olaryň türkmeniň medeni mirasydygyna göz ýetireniňde kalbyňda şu Watany goran, onuň mukaddes däplerini ýöreden ata-babalarymyza buýsanç döreýär.

Türkmen toýlarynda gadymlardan bäri dowam edip gelýän milli oýunlar biziň günlerimizde hem dowam etdirilýär. Milli göreş türkmen toýlarynyň aýratyn bezegi bolup durýar. Tomaşaçylar göreş meýdançasynyň töwereginde halka gurap oturýarlar, ýa-da dik durýarlar. Pälwanlaryň baýraklaryny toý eýýesi, onuň dogan-garyndaşlary, dost-ýarlary göreş tutulmazyndan öň getirýärler. Baş baýrak ýaş çatynjalardan meşhur pälwanyň adyna goýulýar. Şonda bellenen pälwandan başga kişiniň oňa dalaş etmäge haky ýokdur. Göreşde 2-3 sany emin bellenilýär. Olardan daşary ýene-de bir adam pälwanlara eminlik edýär. Ol pälwanlary tanyşdyrýar, göreş üçin kimiň näme baýrak goýandygyny sanap geçýär hem-de göreş tutulýan wagty tertip-düzgüne esewan edýär.

Toý tutýanyň ýagdaýyna ýeňijiler üçin çebiş, tokly, öküz, düýe, haly, palas ýaly baýraklar goýulýar. Käbir toýlarda bir pälwanyň uly baýraklaryň üçüsinem alýan halatlary bolýar. Şonda pälwan alan baýraklarynyň birini toýa goşant goşýar. Toýlarda atly pälwanlar bilen bir hatarda ýaşlar hatda çagalar hem göreş tutup, güýç synanyşýarlar.

Türkmen toýlarynda ýaşulylaryň gatnaşmagynda ”keçe-keçe”oýny hem oýnalypdyr. At çapyşygynda ýeňijä goýun, göle, ogşuk ýaly il gözüne görünýän mallar serpaý berlipdir. Bu barada 1878-nji ýylda Türkmenistana gelen türk syýahatçysy Mehmet Emin Efendi şeýle ýazypdyr: ”At ýaryşynda öýlenýän ýigidiň kakasy gurbuna görä üç sany baýrak belläp, elbetde birinji hem iň uly baýrak ähli atlardan ozan atla berilýär, ikinji, üçünji baýraklaryň mukdary azrak bolupdyr”. Ajaýyp türkmen atlary toýlaryň we aýlawlaryň bezegine öwrüldi.

Umuman, türkmen milli oýunlary nesillerde iň gowy sypatlary kemala getirmekde adamlaryň arasynda ynsanperligi ösdürmekde uly ähmiýete eýe bolupdyr.

Şemşat Hoşyýewa,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Saýat etrap Geňeşiniň uly hasapçysy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: