TÜRKMENISTAN HABARLARY

Berdimuhamedow: Dünýä jemgyýetçiligi pandemiýa bilen bagly meseleleri syýasatlaşdyrmakdan saklanmaly

Gurbanguly Berdimuhamedow dünýä jemgyýetçiliginiň koronawirus pandemiýasy bilen bagly meseleleri syýasatlaşdyrmakdan saklanmalydygyny belledi. Türkmenistanyň Prezidentiniň bu barada aýdanlary sişenbe güni BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisinde wideoýüzlenme görnüşinde görkezildi diýip, TASS habar berýär.

“Koronawirus meselesiniň syýasatlaşdyrylmagyna, onuň döwletara gatnaşyklaryna täsir etmegiň guraly hökmünde ulanylmagyna ýol berilmeli däl” – diýip, Prezident belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň düzümleriniň we agzalarynyň ählisiniň jemlenmegi bilen umumy wehime garşy göreşde üstünlik gazanyp boljakdygyna ynam bildirdi. Şol bir wagtda, ol Bütindünýä saglygy goraýyş guramsyny ählumumy saglygy goraýyş ulgamynda umumy çagyryşlara netijeli jogaplary işläp düzmek boýunça köpugurly gepleşikler üçin esasy meýdança hökmünde belledi.

Türkmen Lideri şeýle hem koronawirusa garşy göreş we ony has çuňlaşdyryp öwrenmek üçin BSGG-niň çäklerinde birnäçe dünýä we sebit gurallaryny döretmegi teklip etdi we adatdan daşary ýagdaýlar şertlerinde halkara ulag ulgamlaryny dikeltmek we olaryň durnuklylygyny berkitmek babatda işleri işjeňleşdirmegiň zerurlygyna üns çekdi.

Türkmen Lideri şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisinde eden çykyşynde owgan meselesi barada belledi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: