Jeyhun News

Информационно-аналитический портал

Dünýäde ilkini kino ekipaž orbitada

Oct 5, 2021

«Союз» raketasy ilkinji kinoekipažly «Союз МС-19» dolandyrylýan korably orbita çykardy. Ol Aşgabat wagty bilen 13:55-de Baýkonur kosmodromyndan uçuryldy. Onuň uçuşyny Russiýanyň telewideniýesiniň Birinji kanaly göni ýaýlymda görkezdi.

Korablda kosmonawt Anton Şkaplerow, aktrisa Ýuliýa Peresild we režissýor Klim Şipenko bar. Olar kosmosda ilkinji çeper filmi surata düşürmekçi.

Peresild we Şipenko orbitada 12 gije-gündizläp bolarlar we «Союз МС-18» korablynda Halkara kosmos stansiýasynda aprelden bäri bolup ýören kosmonawt Nowiskiý bilen ýere dolanarlar.

Adblock
detector