TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti meýletinçileriň kömegine daýanýar

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Döwletli etrabyndaky wekili beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň hünärmenleri bilen bilelikde ilatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgeleri barada wagyz-nesihat işlerini alyp barýar.
Şonda jemgyýetiň ýaş meýletinçileriniň kömegine giňden daýanylýar. Ýaş Gyzyl ýarymaýçylar adatdan daşary ýagdaýlardan baş alyp çykmagy, dürli ýokanç kesellerden goranmagyň ýollaryny degişli hünärmenlerden öwrenýärler we soňra bilýänlerini öz deň-duşlarynyň arasynda giňden wagyz edýärler. Olar ýaramaz endikleriň saglyga ýetirýän zyýany barada hem düşündiriş işlerini geçirýärler. Ýaşlaryň sagdyn ruhly, berk bedenli bolup ýetişmeklerinde bedenterbiýäniň we sportuň ähmiýeti barada gyzykly söhbetdeşlikleri guraýarlar. Häzirki wagtda howanyň düzümindäki tozan bölejikleriniň bedene düşmeginiň öňüni almak üçin agyz-burun örtüklerini peýdalanmagyň, arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmegiň zerurlygyny düşündirýärler we bu babatda şahsy görelde görkezýärler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply