TÜRKMENISTAN HABARLARY

Günbatar Türkmenistanyň Balkanýaka zolagynda gözleg işleri geçiriler

«Ýug-Neftegaz Private Limited» kompaniýasy (Singapur) Günbatar Türkmenistanyň Balkanýaka zolagynda gözleg-barlag işleriniň toplumyny ýerine ýetirer, diýip «Nebit-gaz» gazeti ýazýar.

Bu işler Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň buýurmasy boýunça alnyp barylar.

Seýsmiki barlaglar Goturdepe ýatagynyň gündogar böleginde meýdany 250 inedördül kilometr bolan çäkde, şeýle hem Burun ýatagynyň günortasynda 245 inedördül kilometr meýdanda ýerine ýetiriler. Munuň üçin maliýe serişdelerini «Türkmennebit» döwlet konserni goýberer.

Singapurda hasaba alnan «Ýug-Neftegaz Private Limited» ukrain kompaniýasy «Türkmennebit» döwlet konserni bilen 2007-nji ýyldan bäri işleýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: