TÜRKMENISTAN HABARLARY

1-nji aprelden Türkmenistanda teatrlar işläp başlar

 

2021-nji 1-nji aprelinden başlap, Türkmenistanyň teatrlarynda synag hökmünde wagtlaýyn sahna oýunlary görkezilip başlanar. Bu karara Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň geçiren mejlisinde kabul edilen çözgüt bilen gelindi, diýip «Turkmenportal» habar berýär.
Sahna oýunlaryň görkezilişi jemgyýetçilik gigiýenasynyň kadalaryny berjaý etmek şerti bilen, Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň kabul eden Tertibine laýyklykda guralar.
Sahna oýunlary ýurdumyzyň teatrlarynda her hepdäniň anna, şenbe we ýekşenbe günleri sagat 19:00-da görkeziler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply