DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Ýere uzynlygy 330 metre barabar bolan asteroid ýakynlaşýar

«4660 Nereus» asteroidi Ýere 11-nji dekabrda ýakynlaşar we saýýaradan 3,9 million kilometr uzaklykdan uçup geçer. Bu NASA-nyň laboratoriýasynyň maglumatlaryndan malim boldy diýip, Russiýanyň «Новости» agentligine salgylanmak bilen «mail.ru» ýazýar.

Obýekt «howply bolmagy mümkin» diýlip klassifisirlenýär.

Asman jisiminiň uzynlygy 330 metre barabar. Deňeşdirmek üçin: Eýfel diňiniň beýikligi 300 metr.

NASA-nyň maglumatlarynda görä, indiki gezek asteroid Ýere diňe 2112-nji ýylda has ýakyn geler. Şonda onuň biziň saýýaramyz bilen minimal aralygy 2,6 million kilometr bolar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: