DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Äleme iň uzyn syýahat tamamlandy

Älem giňişliginde 371 gün bolan NASA-nyň kosmonawty Frank Rubio «Soýuz MS ― 23» älem gämisinde Ýere dolanyp geldi we orbitada iň köp wagt bolan amerikaly kosmonawtlaryň arasynda rekord goýdy. Bu barada NASA habar berdi.

Rubio özüniň rus kärdeşleri Sergeý Prokopew we Dmitriý Petelin bilen bilelikde Gazagystanyň Jezkazgan şäheriniň günorta-gündogaryna paraşýutda sag-aman gondy. Rubio: «Dogrymy aýtsam, aýalymy we çagalarymy gujaklamak, elbetde, meniň üçin iň möhüm zatdyr» diýdi.

«Soýuz MS-23» ekipažy sözüň doly manysynda kosmosa «ýapyşdy» we bir ýyldan gowrak wagtlap orbitada bolup, bütin planetany 5936 gezek aýlandy. Sebäbi kosmonawtlary ilkinji synanyşykda Ýere gaýtaryp bolmady. Olary Ýere gaýtarmaly enjam kosmik galyndylar bilen çaknyşyp, oňa howply zyýan ýetdi. Netijede, Rubio garaşylmadyk ýagdaýda orbitada 168 gün wagtyny geçiren NASA-daky kärdeşi Mark Wande Haýdan öňe geçdi.

Prokopew we Petelin hem bir ýyldan gowrak wagtyň dowamynda orbitada «galdylar», ýöne olar ruslaryň arasyndaky rekordçy bolmady: kosmonawt Waleriý Polýakow 1990-njy ýyllaryň ortalarynda «Mir» orbital stansiýasynda 437 gün iş alyp bardy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: