DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Frans-Iosifiň Ýerinde bir ýarym ada dolulygyna ýitdi

«Rus Arktikasy» («Русская Арктика») milli parkynyň işgärleri Frans-Iosifiň Ýerinden Mesýasewiň burny bilen tamamlanýan bir ýarym adanyň doly diýen ýaly erändigini habar berdiler. Hünärmenler muny Ýewa-Liw adalarynyň daşyndan aýlanyp ýören wagtlary görüpdirler. Bu barada «Комсомольская правда» ýazýar.

— Synlamalar burunyň doly doňakçylykdan durandygyny görkezdi, onuň galan bölegi ýalpaklykdaky bir bölek doňdan durýar. Edilen açyşa gidrografiki dolandyrmanyň üns bermegi we losiýa üýtgetmeleri girizmegi gerek, — diýip, milli parkyň direktory Aleksandr Kirillow habar berdi.

Onuň aýtmagyna görä, adanyň kartasyny 20-nji asyryň ortalarynda düzüpdirler, şonuň üçin ol könelişipdir.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: