YKDYSADYÝET

«Balkandokma» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde ýokary ösüş depgini gazanyldy

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Serdar şäherindäki «Balkandokma» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda 3 müň 870 tonna ýokary hilli nah ýüplükler taýýarlanyldy.

Bu görkeziji geçen ýylyň hasabat döwri bilen deňeşdirilende, önümçiligiň ösüş depgininiň 140 göterime golaý ýokarlandyrylandygyny görkezýär. Toplumda ornaşdyrylan önümçiligiň häzirki zaman tehnologiýasy kärhanada ýokary hilli, dürli ölçeglerdäki sapaklary düwünsiz öndürmäge mümkinçilik berýär. Kärhanada gürrüňi edilýän 10 aýda ýerleşdirilen nah ýüplükleriň pul hasabyndaky möçberi 68 million manatlykdan hem gowrak bolup, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, iki esseden hem köpdür. Bu barada «Türkmenistan» gazeti ýazýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: