DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Germaniýanyň raýatlygyny almak ýeňilleşdiriler

Ýurduň kanun çykaryjylary ýakyn aýlarda daşary ýurtlularyň Germaniýanyň raýatlygyny almagyny aňsatlaşdyrjak kanunyň taslamasyna serederler. Bu barada CNBC habar berdi.

Munuň sebäbi, ýurduň azalýan işçi güýjüni güýçlendirmeklige gönükdirilen immigrasiýa syýasatydyr. Bu boýunça kanun taslamasy adamlara bäş ýyldan soň raýatlyk üçin ýüz tutmaga mümkinçilik berer.

Häzirki wagtda bu döwür sekiz ýyldyr. Eger kanun taslamasy kabul edilen halatynda Germaniýanyň raýatlygy üçin arza tabşyrylanda öz ýurdunyň raýatlygyndan ýüz öwürmeli bolmaz. Şeýle hem Kanadanyň ballar ulgamyna esaslanýan we göreldeli işçileriň Germaniýa girmegini aňsatlaşdyrmak üçin döredilen immigrasiýa özgertmeleri hem  göz öňünde tutulýar.

Dalaşgärleriň Germaniýada ykrar edilen hünär derejeleriniň bardygyny subut etmek hökman däldir ― degişli tejribe we wada berlen iş hakda maglumat talap edilýär. CNBC-iň maglumatlaryna görä, ýurtda 10 milliona ýakyn adam (Germaniýanyň umumy ilatynyň takmynan 12 göterimi) milli pasportsyz ýaşaýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: