DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Alymlar örän ýokary dykyzlykly kompakt disk döretdiler

Oktýabrda Beýik Britaniýanyň Sautgempton uniwersitetiniň hünärmenleri uly bolmadyk kompakt diske maglumatlaryň ägirt uly mukdaryny ýazmagyň usulyny beýan etdiler, diýip «lenta.ru» ýazýar.

5D diýen at alan tehnologiýa ýörite ýygnaýjyda 500 terabaýt maglumaty saklamaga mümkinçilik berýär. Kwars aýnasyndan ýasalan diskler örän ýokary dykyzlygy bilen tapawutlanýarlar we «Blu-Ray» optiki disklerinden on müň esseden hem köp dykyzdyr. Bu usul bulut serwerleriniň uly bolmadyk meýdanynda peýdalanyjylaryň, internet kompaniýalarynyň, uly korporasiýalarynyň maglumatlaryny ýerleşdirmäge mümkinçilik berer.

5D diski maglumaty tükeniksiz dowamly wagtlap saklamaga mümkinçilik berýär.