Ýere tarap iň uly kometa uçup gelýär
Ýakynda alymlar «Bernardinelli-Bernşteýn» kometasynyň ýere tarap uçup gelýändigini ýüze çykardylar. Tiz wagtdan alymlara ony has ýakyndan öwrenmäge mümkinçilik bolar. Bu barada «mail.ru» habar berýär.
Kometany 2021-nji ýylyň iýunynda açdylar. Onuň diametri şeýle görnüşli saýýara jisiminiň ortaça göwrüminden 10 esse uly. Agramy barada-ha aýdybam oturmaly däl — ol adaty kometalaryňkydan 1000 esse agyr. Wagtyň geçmegi bilen asman jisimleriniň sanly belgilerine olary ilkinji açan adamlaryň atlaryny goşup başladylar. Şonuň üçin hem, bu kometanyň ady şeýle: «C/2014 UN271 Bernardinelli-Bernşteýn».
«UN271» kometasy iň uzak wagtlap aýlanýan kometa bolup çykdy. Ol Günüň daşyndan baş ýarym million (başga maglumatlara görä, 6 702 439) ýylda bir gezek aýlanýar.