BILIM

Moskwanyň Döwlet uniwersitetiniň dokuz ýaşly talyby uzak aralykdan okar

Lomonosow adyndaky Moskwanyň Döwlet uniwersitetiniň psihologiýa fakultetine okuwa giren wunderkind gyzjagaz Alisa Teplýakowa uzak aralykdan okar. Bu barada «Российская газета» ýazýar.

Gyzyň kakasy Ýewgeniý Teplýakowyň aýtmagyna görä, awgustyň soňky günlerinde gyzyna talyplyk şahadatnamasyny gowşurypdyrlar. Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ažiotaž döretmezlik üçin gowşurylyşy gizlin geçiripdirler. Ilki başda boýun gaçyrsalar hem, olar birinji kurslynyň Gününe gatnaşypdyrlar. Alisa hatda birnäçe bäsleşiklere hem gatnaşypdyr.

Birinji kurslylaryň hemmesi ýaly, Alisa hem uzak aralykdan okar. MDU-nyň psihologiýa fakultetiniň metbugat gullugynda «Российская газета» habar berişleri ýaly, okuw gibrid görnüşinde başlanýar. «Ähli leksiýalar uzak aralykdan okalar» diýip, metbugat gullugynyň wekili aýtdy.

Alisa Teplýakowanyň 8 ýaşynda orta mekdebi tamamlandygyny we goşmaça synaglardan soň uniwersitete kabul edilendigini ýatladýarys. Ol tölegli esasda okar. Teplýakowlaryň maşgalasynda Alisadan başga-da ýene-de alty çaga bar. Dört ýaşly Terra birinji synpa barýar, Leýýa baş ýaşynda dördünji synpy tamamlap barýar. Ýedi ýaşly Heýmdall bolsa 9-njy synpy tamamlandygy barada attestat aldy. Galanlary bolsa entek kiçijik.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: