Russiýaly Ýan Nepomnýaşiý gara mal bilen oýnap, dünýäniň küşt täji ugrundaky ýaryşyň sekizinji partiýasynda norwegiýaly Magnus Karlsenden utuldy. Duşuşyk Dubaýda geçirilýär, diýip habar «ТАСС» berýär.
Sekizinji partiýadan soň Karlsen 5:3 hasabynda öňde barýar. Dokuzynjy partiýa şu gün — 7-nji dekabrda geçiriler. Nepomnýaşiý ak mallar bilen oýnar.
Dubaýdaky duşuşyk wagta klassyky gözegçilik edilýän 14 partiýadan durýar — 40 göçüm üçin 120 minut, soňra 20 göçüm üçin 60 minut we partiýanyň soňuna çenli 61-nji göçümden soň her göçüme 30 sekund goşmak bilen 15 minut berilýär.