DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Ýer tizligini artdyrýar

Gije-gündiziň dowamlylygyny takyk ölçemekligi diňe XX asyryň ortalarynda öwrendiler. 1960-njy ýylda sazlaşylan bütindünýä wagty bellenildi. Bu özümiziň smartfonlarymyzda dürli şäherleriň sagatlaryny görenimizde, gözümiziň düşýän UTC-dir, diýip «mail.ru» ýazýar.
Gözegçilik XX asyrda wagt geçdigiçe Ýeriň öz okunyň daşyndan haýal aýlanýandygyny ýüze çykardy. Ýagny, gije-gündiz uzady. Şeýle bir uzady welin, 1972-nji ýyldan başlap, gije-gündiz hakyky wagtyna laýyk geler ýaly, sagada ýygy-ýygydan bir sekund goşmaly bolupdy. Şondan bäri muny 27 gezek şeýtdiler. Bu şeýle bolup geçýär: bellenilen güni dünýädäki gajetleriň sagatlarynda gijäniň ýary bir sekund giç düşýär.
Ýöne muny hemişe yzygiderli ýerine ýetirmediler. Mysal üçin, 1972-nji ýyldan 1979-njy ýyla çenli goşmaça dokuz sekund goşdular, 1999-njy ýyldan 2004-nji ýyla çenli ýekeje gezegem goşmadylar. Soňky wagtlarda (has takygy — 2016-njy ýyldan bäri) bir gezegem sekund goşmadylar.
Indi näme üçin wagtyň azlyk edýänine düşündiňizmi?
Goşmaça sekundy girizmek — Ýer aýlanyşynyň Halkara gullugynyň (IERS) wezipeleriniň biri. Ol saýýaranyň gije-gündiziň dowamynda aýlanyşynyň dowamlylygyny (şol sanda Pariž obserwatoriýasynyň we ABŞ-nyň Harby-deňiz obserwatoriýasynyň maglumatlary boýunça) ölçeýär. Bu gulluk ýakynda şu wagta çenli görlüp-eşidilmedik mesele bilen ýüzme-ýüz boldy: ölçegleriň maglumatlaryna ynansaň, 2021-nji ýylda gije-gündizden bir sekund aýyrmaly.
IERS gündelik ölçegleriň maglumatlary bilen býulleten çykarýar. Eger 2020-nji ýylyň awgustynda çap edilen resminamadaky maglumatlary 19-njy iýuldaky maglumatlar bilen deňeşdirseň, gije-gündiziň bir ýarym millisekinda çenli kemelendigini görmek bolar. Birbada bu ujypsyz bolup görner, ýöne hakykatda, gözegçilik edilen ähli ýyllarda Ýeriň aýlanyşynyň tizliginiň absolýut rekordydyr.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: