SPORT WE SYÝAHAT

Ýene-de bir lebaply türgen «Aziýanyň çagalary» sport oýnunda baýrakly orna mynasyp boldy

Russiýanyň Wladiwostok şäherinde geçirilýän «Aziýanyň çagalary» atly VII halkara sport oýunlarynda lebaply türgenleriň ýene biri baýrakly orna mynasyp boldy. Alibek Jumanow stoluň üstünde oýnalýan tennisden jübütleýin görnüşde kümüş medala mynasyp boldy.

Final duşuşykda Alibek Jumanow bilen aşgabatly Ilýas Allanazarow russiýaly tennisçilerden asgyn gelip, ikinji orny eýelediler. 2006-njy ýylda doglan Alibek Jumanow ýaşlygyndan Türkmenabat şäheriniň 6-njy sport mekdebinde Adylbek Jumanowyň elinde tälim aldy. Häzirki wagtda bolsa ol Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebinde orta okuwyny dowam edýär. Türkmenistanyň ýygyndy toparynda çykyş edýän ýaş tennisçi birnäçe gezek Türkmenistanyň çempiony boldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: