YKDYSADYÝET

Lebaply telekeçileriň ýene üçüsi önümlerini eksport edip başlady

Şu ýylyň geçen ýedi aýynda lebaply telekeçiler senagat önümleriniň 19 million 15 müň manatlygyna ýakyny daşary ýurtlara eksport etdiler. Bu ABŞ-nyň 5 million 433 dollarlygyna ýakyndyr.

Şu döwürde telekeçileriň on ikisi öz harytlaryny daşary ýurtlaryň işewürlerine satdylar. Geçen aýda eksport edijileriň hataryna «Kiçi gala» hojalyk jemgyýeti, «Altyn gül» hususy kärhanasy we faraply telekeçi Rustam Rajapow dagylar hem goşuldy. Olar daşary ýurtlara polipropilen we polietilen haltalary, polietilen turbalary, haltalyk matalary we gaýtadan işlenilen polimeri eksport etdiler. Şonuň ýaly-da,  daşary ýurtlara iberilen harytlaryň arasynda izogamm, suwuk bitum mastikasy, senagat garyndy suwuklygy, akkumulýatorlar, mebel görnüşli geýimlik nah pagta, nah mata pamygy we beýlekiler bar. Lebaply hususyýetçileriň kärhanalarynda öndürilen önümleri Özbegistanyň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Hytaýyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Belarusyň, Gazagystanyň, Azerbaýjanyň işewürleri satyn aldylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: