SPORT WE SYÝAHAT

Futbol çempionaty, Birinji liga

Miras – ikinji orna çykdy

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Birinji ligasynyň Lebap zolagynda 9-njy tapgyryň duşuşyklary geçirildi. Türkmenabat şäherindäki «Himiýaçy» we «Demirýolçy» stadionlarynda geçirilen duşuşyklarda esasy bellenilmeli aýratynlyk ýaryşyň öňdebaryjysy bolan «Derýaçynyň» möwsümde ilkinji gezek utulmagy boldy.
Tapgyrda ýaryşyň ikinji ornuna çenli göterilen «Miras» bilen duşuşan «Derýaçy» 15-nji minutda Azamat Açylowyň 11 metrlik jerime urgusyndan geçiren pökgüsi bilen öňe saýlanan hem bolsa, bu üstünligi diňe 67-nji minuda çenli saklap bildi. Şondan soňra «Mirasyň» futbolçylary 10 minutdan hem az wagta iki pökgini sygdyrdylar. Şeýlelikde, tapgyryň esasy duşuşygy 2:1 hasabynda «Mirasyň» ýeňşi bilen tamamlandy. Bu utuşdan soňra Türkmenabat şäherindäki 14-nji sport mekdebine wekilçilik edýän topar öňdebaryjy bilen aralygy 1 utuga çenli ýygyrdy.
Tapgyrdaky «Amyderýa» ― «Farap» we «Garagum» ― «Demirýolçy» duşuşyklary pökgülere has baý boldy. Derwezelere 8 pökgi geçirilen «Amyderýa» ― «Farap» duşuşygynda Arif Açylowyň geçiren üç pökgüsi toparynyň ýeňiş gazanmagy üçin ýeterlik bolmady. Arifiň geçiren pökgülerine 5 pökgi bilen jogap beren «Farap» 5:3 hasabynda ýeňşi öz haýryna ýazdyrmagy başardy.
«Garagum» bilen «Demirýolçynyň» arasyndaky duşuşykda bolsa derwezelere 7 pökgi geçirildi. Şolaryň dördüsini geçiren «Demirýolçynyň» futbolçylary ýeňiş gazandylar. Özi hem 62-nji minuda çenli 1:3 hasabynda yzda barýan toparyň soňky 7 minutda üç pökgi geçirmegi has täsin boldy.
Tapgyrdaky «Köpetdag» ― «Çärjew» duşuşygy başga bir güne geçirildi.
Ýokarda görkezilen netijeler ýaryş tertibine hem täsirini ýetirdi. Tapgyra ikinji orunda girişen «Garagumyň» dördünji orna çenli düşmegi, ozal üçünjilikdäki «Mirasyň» ikinji orna, «Demirýolçynyň» üçünji orna çykmagy ýaryş tertibindäki esasy üýtgeşmeler boldy. Ýaryşdaky goňşusyny ýeňen «Farap» hem ýedinji orundan altynjy orna göterildi.
Birinji liganyň Lebap zolagynyň 10-njy tapgyrynyň duşuşyklary 18-nji oktýabrda geçiriler. Şol gün «Amyderýa» «Köpetdagy», «Çärjew» «Mirasy», «Farap» «Demirýolçyny», «Derýaçy» bolsa «Garagumy» kabul eder.
Türkmenistanyň futbol çempionaty. Birinji liga. Lebap zolagy.
9-njy tapgyryň duşuşyklarynyň netijeleri:
«Miras» ― «Derýaçy» ― 2:1.
Pökgi geçirenler: Arslan Ereşow 67, Batyr Hudaýkulow 75 ― Azamat Açylow 15 (11 m.j.u.).
«Amyderýa» ― «Farap» ― 3:5.
Pökgi geçirenler: Arif Açylow, 12, 35, 68 ― Açyldurdy Kudratow 6, 79, Zakir Romanow, 23, 72, Muhammet Hutdyýew, 55 (11 m.j.u.).
«Garagum» ― «Demirýolçy» ― 3:4.
Pökgi geçirenler: Arslan Priýew 5, Zarif Batyrjanow 15, 62 ― Röwşen Babaýew 54, Maksat Jumaýew 63 (öz derwezesine), Döwlet Azimow 65, Bahram Rozmämmedow 69.
Bellik: tapgyrdaky «Köpetdag» ― «Çärjew» duşuşygy başga güne geçirildi.

Iň netijeli futbolçylar:
1. Arif Açylow, «Amyderýa», 9 pökgi;
2. Azamat Açylow, «Derýaçy», 9 pökgi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply