SPORT WE SYÝAHAT

2024-nji ýylda çempionlaryň Ligasynda özgertme geçiriler

UEFA çempionlaryň Ligasynda 2024-nji ýylda geçiriljek özgertmeleri makullady diýip, «Deutsche Welle» salgylanmak bilen «mail.ru» ýazýar.
Çeşmäniň berýän maglumatlaryna görä, täze formatda häzir çykyş edýän 32 topara derek 36 topar oýnar. Kwalifikasiýa geçip bilmedik saýlama klublar täze ýerleri alarlar. Geçiriljek özgertmelere laýyklykda, toparlara bölünmezden bir liga bolar. Pleý-off (utulan çykmaly) tapgyryna sekiz iň gowy topar çykar, galan toparlar bolsa ýene bir gezek pleý-off tapgyryndan geçerler. Täzelenen formatda her topara 10 goşmaça oýun, şonuň ýaly-da girdejisiniň köpeldiljekdigi kepillendirilen.

 

 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply